ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi

27-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi.

Mejlisde gün tertibindäki meseleler boýunça edilen çykyşlarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hasabat döwründe öz işini 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda alyp barandygy bellenildi we bu ugurda maý aýynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine aýratyn üns çekildi.

Milli mirasymyzyň ÝUNESKO-nyň degişli sanawlarynda eýeleýän ornuny giňeltmek babatda degişli çäreleriň geçirilendigine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen bilelikde XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Mahmyt Zamahşarynyň golýazmalaryny, Ybraýym Edhem baradaky dessanlary, Türkmenistanyň orta asyr taryhynda sopuçylyk we halk lukmançylygy ulgamynda düýpli yz galdyran Mäne baba, Gözli ata ýaly görnükli şahslar barada ýurdumyzda we daşary ýurtlarda saklanyp galan möhüm ýazuw çeşmelerini ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna gymmatly ýazuw ýadygärlikleri hökmünde girizmek boýunça hödürnamalar taýýarlanylýar.

Şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamanyň deslapky nusgasy taýýarlanyldy. Hödürnamanyň gutarnykly nusgasyny ýakyn wagtda ÝUNESKO gowşurmak meýilleşdirilýär.

Soňra mejlisiň gün tertibindäki nobatdaky meselä geçilip, “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, düýpli öwrenmek, konserwirlemek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir teklipler öňe sürüldi.

Mejlisde toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynda wagtlaýyn başlyklyk etmek ygtyýarlygynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna geçirilendigi baradaky wezipelerden ugur alnyp, toparyň wagtlaýyn başlyklyk etjek döwründe ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy bilen baglylykda birnäçe teklipler beýan edildi. 

Mejlisde beýleki meseleler boýunça hem çykyş edilip, birnäçe teklipler diňlenildi. Hususan-da, Gadymy Amul galasyny goramak, düýpli öwrenmek we konserwasiýa etmek meseleleri boýunça; ÝUNESKO klublarynyň Düzgünnamasyny tassyklamak; ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynda ýokary netijeleri gazanmagy başaran şäherlerini ÝUNESKO-nyň öwrenýän şäherleriniň ählumumy toruna (Global Network of Learning Cities) hödürlemek; Türkmenistanyň çäklerinde milli geologik seýilgähleri döretmek; ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň Türkmenistan boýunça milli utgaşdyryjysyny bellemek barada teklipler beýan edildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, özara gatnaşyklaryň ýola goýlandan bäri geçen döwürde BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzüminiň halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezýär. Uzak geljek üçin däp bolan özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň alyp barýan işlerinde hem aýdyň ýüze çykýar.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem