Täsin söýgi

Gadym zamanlarda iki taýpanyň arasynda yly söweş bolup, ýeňlişe sezewar bolan tarap uly ýitgiler zerarly, batgalygyň içine gaçmaly bolýar. Olar özleriniň näme üçin ýeňilendikleriniň sebäbini bilmek üçin maslahat geçirýärler hem-de özleriniň peýkamlarynyň garşydaşlarynyňky ýaly uzaga gitmeýänligini anyklaýarlar. Nätmeli? Elbetde, olaryň peýkamlarynyň gaty gitmeginiň sebäbini bilip gelmeli. Ýene sowal – kimi ibermeli, erkekler-ä hersi bir zady bahanalap, bu howply işden ýüz döndürýärler. Taýpa başy bu işi aýal adama tabşyrmaly diýen netijä gelýär. Olam Suwulgan bolmaly, çünki ondan laýyk başga bir zenan ýok.

Suwulgan duşman tarapyň ýaşaýan ýerine baranda bir ýaş oglan ony tutup, alyp gaçýar. Duşmanlar bu ýaş oglanyň eden işini oňlamaýarlar. Olaryň baştutany bu gyzy az-owlak ulanyp, bizar bolansoň, tapan ýerine taşlap gaýmagy tabşyrýar.

Ýigit öz tapan gyzynyň diline düşünmänsoň, şol taýpadan bolan başga bir är-aýalyň ýanyna eltip, olardan özüne dilmaç tutunýar. Asyl görlüp oturylsa, ol är-aýal Suwulganyň ene-atasy bolsa nädersiň. Olar duşmanlaryň arasynda özleriniň kimligini tanatman ýaşap ýören ekenler.

Suwulgan bilen ýaňky ýigidiň arasynda söýgi ody tutaşýar, gyz bu ýagdaýdan peýdalanyp, ýaýyň syryny öwrenýär. Suwulgan özleriniň arasyna gaçýar. Muny duýan duşman taýpa, gyzyň yzyny yzarlap, öz garşydaşlarynyň nirede gizlenýänlerini bilip, baryny gyrmagyň kül-külüne düşýärler.

Suwulgan özleriniňkileriň arasyna sag-aman gowşup, peýkam atýan ýaýyň syryny açýar.

Iki tarap ýene garşyma-garşy durup, söweşe girişmeli bolýar. Edil şol mahal aşyk-magşuklar iki goşunyň arasyndan gol tutuşyp , geçip gidýärler. Olary gören iki duşman taýpa, düşünişmek üçin uruşlar däl-de, söýginiň has derwaýyslygyna göz ýetirýärler.

 

KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄRLER:

1.Öküzleriň ýaşulysy  - Türkmenistanyň halk artisti Ç.Berdiýew, artist Ý.Ýazmyradow.

2.Suwulgan                  - artist  S.Babylowa, J.Garajaýewa.

3.Ganojak                     -Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Durdyýew

4.Dikdüşdi - Türkmenistanyň at gazanan artisti Atamyrat Ataýew.

5.Entew  Jalaý  - artist A.Annaberdiýew  S.Saryýew.

6.Jikjiki    - Amanmuhmmet  Ataýew.

7.Kebelejik         -artist S.Seýitliýewa M.Saparowa  

8.Dazzarkel                            - artist D.Hojageldiýew

9.Hažžyk                      -artist A.Ýemşikow

10.Dilewar                    - artist B.Rahymow

Içýanlaryň taýpasy:

1.Geňeşçi                      -Türkmenistanyň halk artisti M.Bekiýew,

2.Alyp gaçan                          -artist  S. Serbazow

3.Şelaýyn                     -artist A. Öwezmammedowa  D.Melaýewa.

4.Çypar  -Türkmenistanyň at gazanan artisti M.Hydyrow, artist S.Saryýew.

5.Suwulganyň ejesi     -Türkmenistanyň at gazanan artisti G.Akmyradowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti M.Annaýewa.

6.Alyp gaçanyň ejesi            -Türkmenistanyň at gazanan artisti J.Paltaýewa.

Şeýle hem