Ýüreklere ýol

Sahna oýnunda Oguz türkmenlerinden bolan ýaş söwdagär Ilek Koýan öýlenmezinden öň syýahat edip ýurt görmegi,  adamlar bilen tanyşmagy, şeýdibem söwdasynyň örüsini giňeltmegi ýüregine düwýär. Onuň üçinem tejribeli kerwenbaşylar bilen aragatnaşyk saklap ony öz ýanlary bilen alyp gitmeklerini hem-de ilkinji syýahatynda kömek bermeklerini, söwdanyň inçe syrlaryny öwretmeklerini gazanýar.

Ilek Koýan ýurdundan, enesinden, söwer ýaryndan uzak wagtlap aýra düşüp, mydamalyk hemrasy bolan dutaryny eline alýar-da, kerwene goşulyp, uzak ýurda ýola rowana bolýar. Uzak menzil ony köp ahwalata duşurýar. 

Ýolda kerwen bilen barýarkalar Ilek Koýan bilen Hasanaly çynmaçynly söwdagär Li Çen bilen tanyşýarlar. Deň-duş, edýän işlerem bir bolansoň olar dessine dil tapyşýarlar.  

Sahna oýnuny teatryň režissýory  “Türkmenistanyň at gazanan artisti”  N.A.Laukert sahnalaşdyrdy.  Sahna bezegini Ş.Mämmedowa, saz bezegini B.Kakaýew ýerine ýetirdi.

 

KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:

Ilek Koýan    - artist К.Ataýew,

Sylyjan hatyn   - “Türkmenistanyň at gazanan artisti” S.B.Troiskaýa, Garapolat   - artist S.Troiskiý,

Hasanaly    - artist М.Nurmuhamedow,

 Çilaram     - S.Lawin,

Li Çen        - W.Dmitriýew.

Şeýle hem