B.Suhanowyň «Nirede sen başky söýgim» atly sahna oýuny Oba medenýet öýüniň müdiri Mähri Kerwen diýen bir ýigidi özüne sürüji edip işe alýar, soňam oňa göwün berýär. Mähri täze tanşan ýigidinden soramaga ejap edip, klub garawulyna tabşyryk berýär, Kerwen hakda bil diýip. Garawul Kerweniň heniz öýlenmedikdigini, öň biri bilen söýüşip, ony-da ýitirendigini, tapman ýörendigini anyklaýar.
Mähri Kerweni ýany bilen äkidip, repetision zala eltýär. Kerwen repetisiýa geçip duran höwesjeň artistleriň arasynda öz başky söýgüsi Dilberi göräýýär. Kerwen onuň adyny tutup, gygyrýar. Gyz “Men Dilber däl” diýip, çykyp gidýär. Asyl, Dilber başga birine durmuşa çykan eken. Kerwen muňa seretmezden, Dilberiň yzyndan galmaýar. Mähri hem Kerwenden el üzenok.
Mähri öz doglan gününe Kerweni çagyrýar. Oňa gymmat bahaly sowgatlar hödürleýär, özüniň Kerwene aşyk bolanyny aýdýar. Kerwen Mähriden ýüz dönderýär. Başga bir bagşy oglanam Mährini halaýar, olam onuň yzyndan aýrylanok. Wakalar dartgynlaşyp, ahyry öz çözgüdini tapýar. Kerwen Dilbere öýlenýär, bagşy ýigidem Mährä.
Bu ýerde awtoryň aýtjak bolýan pikiri düşnükli. Söýgi beýik duýgy, ol çylşyrymly, ýalňyşýanlar seýrek bolmaýar. Göräýmäge bu barada aýdylmadyk zadam ýok. «Söýmedige süýkenme» diýen nakylam, «Ýürege emr edip bolmaz» diýen aýtgam bar. Bu eserde-de Kerweniň ozal goýberen ýalňyşyny gaýtalasy, Dilberi elden beresi gelenok. Ýüregiň küýseýän adamyndan aýrylyp ýaşamagyň nähili hupbatdygyna ol nähili ajaýyp gyzy—özbagtyny ýitirýändigine düşünendir. Umuman, «Nirede sen, başky söýgim?» diýen adyndanam belli bolşy ýaly, durmuşda oýlanmaga zat köp, bu eser bolsa şolaryň biri hakda.
KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄRLER:
1.Mähri - artist S. Babylowa
2.Kerwen - Türkmenistanyň at gazanan artisti M. Tüweleýew, artist S. Serbazow.
3.Bagtyýar - artist A.Annaberdiýew.
4.Aýnabat -Türkmenistanyň at gazanan artisti G. Tahyrowa.
5.Jennet - artist D.Meläýewa.
6.Dilber -Türkmenistanyň at gazanan artisti G. Akmyradowa
7.Ojarly aga -Türkmenistanyň at gazanan artisti A. Işangulyýew
8.Aýdymçy Myrat -artist M. Şyhyýew