Özbek dramaturgy Seýit Ahmediň “Gelinleriň gozgalaňy” atly komediýasy Baş drama teatrynda kyrk ýyldan bäri birnäçe gezek goýlup, sahnadan düşmän gelýär. Bu üstünligiň syry elbetde, gozgalýan meseläniň gyzyklylygy, tolgundyryjylygy üçin we köplere tanyş, degişli bolan maşgala durmuşynyň meseleleriniň gozgalýanlygyndadyr. Şeýle hem asyrlardan bäri goňşy oturan we dili hem dini, taryhy golaý özbek we türkmen halklarynyň durmuşyndaky meňzeşlikleriň bolmagy, däp-dessurlarynyň golaýlygy täsir edýär.
Baş gahryman Permanbibiniň uly maşgalasynda, aýdylyşy ýaly bir howluda ýedi ogly, ýedi gelni, agtyklary bilen jemi kyrk bir adam ýaşaýar. Gelinleri Satdy, Bossan, Başarat, Mähri, Muhiýa we körpe gelni Nigara, ogullary Mäkäm, Kämil, Esger, Mamur, Hekim hem körpesi Togta bularyň bary Permanbibiniň emrine kaýyl bolup ýaşamaly. Onsuz hojalykda çöp başy gymyldamaly däl. Bu öýde hemişe şol düzgüne eýerilip gelipdirler we bu maşgalanyň abraýy uly. Emma Nigaranyň – körpe gelniň gelmegi we täze köýnek geýip, täzeçe ýaşamak, özüçe ýaşamak islegini açyk aýtmagy bilen Permanbibiniň feodalizm zamanyndan galan köne düzgüni çat açýar. Maşgalada gapma-garşylyk başlanýar. Nigaranyň etjek bolýan zady gelinlere-de, ogullara-da ýaraman duranok, ýöne olaryň köpüsi öz pikirlerini aýtmagy endik edinmändirler, şonuň üçinem gezip ýörler. Nigara bolsa, diňe täzeçe geýinmek däl, aýratyn ýaşamak isleginiňem bardygyny, islän zadyny iýip-içmek, aýlygyny özüniň sowasynyň gelýändigini aýdýar. Eltileriniň we gaýyn agalarynyň agzyny bir edip, Permanbibiniň täsirinden çykmaga çagyrýar.
Dartgynlylygyň, gapma–garşylygyň artdygyça, ösdügiçe gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri açylyp başlaýar. Kimsi aýdylan sözi gaýyn enesine ýetirip berýär, kimsi gizlin hereket edip, iki tarapa-da ýaranjak bolýar. Kimsi puluny gizleýär, kimsi ylalaşyga çagyrýar, kimsiniň bolsa Permanbibiniň pikirine görä «içi gülýär». Garaz, görlüp oturylsa, ogul-gelniň özbaşyna ýaşamagy küýsemeýäni ýok eken.
Komediýanyň dili çeper, käbir gahrymanlaryň dili çeper işlenip, wakalar biri-biriniň içinden çykýar, gowy baglanyşýar, kompozisiýa gowy çözlenýär.
Bu spektakl teatryň sahnasynda birnäçe gezek -1978,1990,1998-nji ýyllarda, zehinli režissýor Aman Kömekow tarapyndan goýuldy. Häzirki wagtda “Gelinler” ady bilen sahnada görkezilýär.
KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:
1.Permanbibi – Türkmenistanyň halk artisti O.Abasowa,
2.Togta – artist S.Serbazow,
3.Nigara – artist J.Garajaýewa,
4.Mamur – artist A.Annaberdiýew
5.Muhiýa – artist D.Meläýewa, artist Ş.Kasymowa
6.Hekim – artist B.Rahymow, artist B.Çaryýew
7.Mähri – artist S.Orunowa, artist S.Babylowa,
8.Esger – artist A.Didarow
9.Lütfihon –artist O.Täçgeldiýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti G.Tahyrowa,
10.Kämil – Türkmenistanyň at gazanan artisti S.Saryýew,
11.Satdy – Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Abdyrahmanowa, artist S.Berdiýewa.
12.Bossan –artist O.Çaryýewa, artist A.Silapowa.
13.Mäkäm –Türkmenistanyň at gazanan artisti M.Hydyrow,
Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Durdyýew
14.Orunbaý – Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Ýemşikow,
15.Başarat –Türkmenistanyň at gazanan artisti J.Paltaýewa,
Türkmenistanyň at gazanan artisti E.Kasymowa,
16.Ussa Baky – artist D.Hojageldiýew.
17.Habarçy – artist T.Amangulyýew.