Ependi ýa-da gülkünç goňşy

“Ependi ýa-da gülkünç goňşy” atly sahna oýny ýomagyň hem gülküniň taýsyz ussady, baryp orta asyrlardan bäri dünýäniň köp halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanan Hoja Nasreddin Ependi hakynda.

Oba ýaşaýjylary täze göçüp gelen goňşynyň kimdigini biljek bolup “oda düşýärler”. Ol barada gyly-gyrylmadyk myş-myşlaryny biri-birinden öň aýtjak bolup Warryk goňşy, Mürrük goňşy, Arryk goňşy we olaryň aýallary ertir-agşam gep başyny şonuň bilen başlaýarlar. Ahyrsoňy Ependiniň geler wagtyny aňtap, üstüni sowaldan gömýärler. Ependi öz tebigatyna mahsus bälçiklik bilen goňşularyny olaryň asla ýadyna – oýuna düşmeýän jogap bilen aňk edýär. Asyl ony hut şäher kazysynyň özi “Kazynyň kölegesi” wezipesine bellän bolsa nätjek. Özem oňa hiç kimiň çözüp bilmeýän geň hem kyn, müşgil işlerini, meselelerini çözmeli diýip tabşyrypdyr.

Gülkä ýugrulan sahnadaky wakalar personažlaryň biri-birlerine oýunlyga salyp, teýeneli sözlerem diýýändiklerine garamazdan, şowhun-şagalaň, täze goňşynyň bal bilen ýag ýaly garylyp gitmegi bilen tamamlanýar. Spektaklyň tomaşaçynyň ünsüni başdan aýak sypdyrman saklap bilýändigi sahnanyň ähli serişdeleriniň bu sahna eseriniň many-mazmunyny doly açyp görkezmäge kömek edýändigi üçin bolsa gerek.

Sahna oýnuny goýan Türkmenistanyň halk artisti K.Aşyrow. Sahna bezegini ýerine ýetiren Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri M.Amangylyjow. Ependiniň keşbini Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti A.Didarow, onuň aýalynyň keşbini artist A.Silapowa, Warryk goňşynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Durdyýew, Arryk goňşynyň keşbini artist B.Çaryýew, Girrik goňşynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti S.Saryýew, Mürrük goňşynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Ataýew dagylar ýerine ýetirýärler.

Şeýle hem