Bagt kenarynda

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli dana sözlerinden ugur alyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky alynyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini sahna tilsimleriniň üsti bilen aýdyň görkezilýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda däbe öwrülen halkara festiwalyna dünýäniň atly-abraýly döredijilik toparlary gatnaşýar. Şol sanda, Altynaý Döwranowanyň ýolbaşçylygyndaky “Awaza” folklor topary hem gatnaşmaga gelýär.

Gurluşykda zähmet çekip ýören mermerçiler toparynyň baş ussasy Hemra atly ýigit, bu tansçy gyza öňräkden bäri aşyk. Altynaýyň festiwala öz topary bilen gelenini bilen Hemra, mermerçiler toparynyň adyndan, “Awaza” folklor toparyna, aýratynam Altynaýa salamyny ýollaýar. Altynaý iberilen salama hoşal bolsa-da, ýanyndaky ýoldaşlary muňa nägilelik bildirýärler. Gurluşykçylar ýanlaryna gelende, nähili bolmalydygyny  maslahat edip, dildüwşik gurnaýarlar.

Eli gülli ýigitler, gyzlar bilen tanyşmaga gelýärler. Gyzlar bolsa olaryň ýüzüni alyp, üstünden gülüp gidýärler. Ýüzleri alynan gurluşykçy ýigitler, özlerini ýitirmän, tansçy gyzlara, mermer örmekden başga-da, sungatdanam baş çykarýandyklaryny subut etmegi makul bilýärler. Iki taraplaýyn dartgynly çekeleşik başlanýar. Ýigitler Altynaýyň ýüzüni açmagy talap edýärler, gyzlar bolsa özleriniň tans sungatynyň üsti bilen olara jogap berýärler. Çekeleşik uzaga çekýär. Hemra öz magşugyna garap:

-Aç, ýüzüň görmäge, intizar boldum! – diýip, bir nama aýdýar. Gyzlar Altynaýyň ýüzüni, dabaraly açýarlar. Aşyk-magşuk bir-birege duşýar. Duşuşykda Altynaý suwda ýüzüp, taýmylda ýaryşmagy, nyşana garap ýaý atmagy, bil aýlap göreş tutmagy orta atyp, Hemraň öňünde üç şert goýýar. Bu şertlere hemmeler nägile bolýarlar. Joralary Altynaýa şertiňi gaýdyp al diýýärler. Muňa garamazdan, Hemra bu şertlere hoş bolup, ilki taýmylda ýaryşmak teklibi orta atýar.

Ýaryş başlanýar. Ýigitler öz dostuna, gyzlar bolsa öz jorasyna janköýerlik edýärler. Bäsleşikde Hemra üstün çykýar. Bu ýeňşiň şanyna ýaşlar küşt depýärler.

Festiwala gelen myhmanlar gurluşykçy ýigitler, tansçy gyzlar bilen duşuşýarlar. Alyp baryjy gyz, bäsleşigiň ikinji şertini türkmen, iňlis dilinde aýdýar. Meýdança nyşana, ýaý, peýkamy dabara bilen çykarýarlar. Gyzlar Hemra şertiň tertibini duýdurýarlar. Ilki Altynaý atýar. Soň Hemra. Hemraň atan oky, Altynaýyň okuny parran ikä bölýär. Altynaý onuň bu ýeňşinem gutlaýar. Gutlagyň soňy ajaýyp tansa utgaşyp gidýär.

Üçünji şertiň başlanýandygy habar berilýär. Pälwanlar orta çykyp, gol aýlap, bil tutuşýarlar. Dürli sebäplere görä, göreş birnäçe gezek saklanylýar. Soň ýaňadandan dowam edilýär. Altynaýyň güýji asgyn gelip, Hemraň elinden çekip, egninden itip, göreşi saklaýar. Soň bolsa, aşyk ýigidiniň egnine başyny goýýar. Iki ýaş juwanyň göreşi, söýgi tansyna öwrülýär. Hemra bilen Altynaý birek-biregiň öňünde dyza çöküp, bir ömre bile ýaşamaga, wepaly bolmaga äht edýärler.

Spektaklyň dowamynda ýaňlanan dünýä kompozitorlarynyň sazlary, türkmeniň nusgawy sazlary bilen utgaşyp, bu sahna eserine aýratyn öwüşgin çaýýar.

 

KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:

1. Hemra                     -       artist S.Serbazow

2. Altynaý                  - artist Ş.Kasymowa, talyp  J.Garajaýewa

3. Arzyman gelneje         - artist O.Täçgeldiýewa

4. Şaduman                           - artist D.Meläýewa ,  A. Öwezmammedowa 

5. Zerkäkil ýeňňe            - Türkmenistanyň at gazanan artisti J.Paltaýewa

6. Aýlarhan ýeňňe           - artist S.Berdiýewa

7. Näzik                       - talyp G.Muhammedowa

8. Uzuk                         - talyp Ş.Hojyýewa

9. Apba gödek                 - artist A.Didarow

10. Şammy şatyr                   - artist H. Hakimow,  M. Şyhyýew,

11. Çapraz  joş                - artist D.Hojageldiýew

12. Köşek                             - artist A.Ataýew 

13. Tokar            - Türkmenistanyň at gazanan artisti Ç.Hommadow,

14. Zoňtar             - artist A.Annaberdiýew, artist O.Çolukow

15. Wekil                    - artist Z.Atajanowa

 

Köpçülik sahnalarda:

Gurluşykçy ýigitler, tansçy gyzlar, syýahatçylar:  - teatryň artistleri.

Şeýle hem