Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gismat Gozalow 2024-nji ýylyň 13-14-nji maýynda iş sapary bilen Balkan welaýatynda boldy.

Saparyň dowamynda G.Gozalow Balkan welaýatynyň häkimi, Türkmenbaşy şäheriniň häkimi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy we «Balkan» gämi abatlaýyş kärhanasynyň müdiri bilen duşuşyp, porta we gämi abatlaýyş kärhanasyna baryp gördi.

Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklarda Türkmenbaşy portunyň iki ýurduň arasyndaky deňiz aragatnaşygynda eýeleýän orny, şeýle hem Hazaryň üsti bilen uzaýan halkara ulag geçelgesiniň ösüşiniň ähmiýeti bellendi.

Mundan başga-da, saparyň dowamynda G.Gozalow Balkan welaýatynda ýaşaýan Azerbaýjanyň raýatlary bilen duşuşdy. Duşuşykda Ilçi Azerbaýjan döwletiniň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryna berýän ähmiýeti we aladasy barada gürrüň berdi. Ol azerbaýjanly watandaşlarynyň tekliplerini, haýyşlaryny diňledi we olar bilen özara pikir alyşdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem