Türkmeniustanyň Mejlisiniň Başlygy Ýaponiýanyň wekiliýetini kabul etdi

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarda bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda sebit derejesinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Hususan-da, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň iki halkyň arasynda medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekillerini birleşdirýän parlamentara dostluk toparynyň nobatdaky duşuşygy hem geçirildi.

Parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy köpugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak işini dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem toparyň işiniň ileri tutulýan ugurlary, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Şeýle hem