Aşgabatda 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyna, migrasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de täze elektron hyzmatlara bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we konsullary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Brifingde esasy üns ýurdumyzyň migrasiýa ulgamyna öňdebaryjy sanly çözgütleri girizmek meselelerine gönükdirildi. Hususan-da, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge rugsat berýän elektron wiza (e-Visa) resmileşdiriş ulgamy tanyşdyryldy. Şeýle hem Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan daşary ýurt raýatlarynyň Gullugyň edaralaryna gelmezden, internet arkaly onlaýn hasaba alynmagyny üpjün edýän täze sanly ulgamyň işe girizilendigi bellenildi. Täze hyzmatlar resminama dolanşygyny ýeňilleşdirip, wagty tygşytlamaga we hyzmatlaryň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, brifingiň dowamynda Türkmenistanyň ynsanperwerlik hukugy babatdaky gazanan üstünlikleri, BMG-niň «Men degişli bolýaryn» global maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda raýatsyzlygyň doly soňuna çykylandygy hem-de BMG, Halkara migrasiýa guramasy we BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygy bilen hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigi nygtaldy. Çäre tanyşdyryş wideoşekilleriniň görkezilmegi we pikir alyşmalar bilen tamamlandy.