Seýşel adalary Respublikasynyň paýtagty Wiktoriýa şäherinde Raýat Awiasiýasynyň Halkara Gurmasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasynyň 33-nji maslahaty geçirildi. 2026-njy ýylyň 20–22-nji oktýabry aralygynda bolup geçen bu halkara çärä degişli ugur boýunça dünýä hünärmenleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada gullugyň metbugat bölümi habar berdi.
Maslahatyň gün tertibinde migrasiýa we serhet gözegçiligi ulgamyna degişli giň gerimli wezipelere seredildi. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Açyk Açarlar Direktoriýasynyň 2026-njy ýylda amala aşyran işleriniň netijelerini jemlediler hem-de serhet gözegçiligini, elektron wiza ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we maglumat enjamlarynyň tehniki binýadyny kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alşyp, geljegi uly çäreleri kesgitlediler.
Çäräniň gidişinde ýokary tehnologiýaly innowasion usullary ulgama giňden ornaşdyrmak we elektron resminamalary boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribesini paýlaşmak ugrunda netijeli işleriň yzygiderli alnyp barylýandygy aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň şeýle halkara maslahatlara we forumlara işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň migrasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.