Türkmenistan Ýaponiýa bilen köp ugurly gatnaşyklary pugtalandyrýar

13-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonuň ýolbaşçylygyndaky Ýapon parlamentiniň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklara aýratyn üns bermek arkaly, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýyl «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialoguna gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji Sammitiniň geçirmek bilen baglanyşykly meseleler pikir alyşmalaryň möhüm ugry boldy.

Şeýle-de duşuşygyň barşynda söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan parlamentara gatnaşyklarynyň aýratyn ornuna ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýeti bellendi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem