Ýerewanda 14-15-nji sentýabrda durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de sebitara aragatnaşyklary berkitmäge bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu halkara çäre Ermenistanyň Daşary işler we halkara söwda ministrligi tarapyndan BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Maslahatyň barşynda gatnaşyjylar ulag ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda milli tejribeler paýlaşylyp, ulag geçelgeleriniň netijeliligini, durnuklylygyny hem-de ekologiýa taýdan arassalygyny ýokarlandyrmagyň amaly ymtylmalary hem-de ýüze çykýan böwetleri aradan aýyrmak ugrundaky çäreleri göz öňünde tutuldy.
Bu çäre giň halkara we hünärmenler jemgyýetçiligini bir ýere jemledi. Okuw maslahatyna ESKATO agza döwletleriň hökümet wekilleri, ulag-logistika operatorlary, hususy pudagyň we ylmy guramalaryň hünärmenleri, şeýle hem halkara ösüş hyzmatdaşlary gatnaşdylar.