Aşgabatda «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýylyna» taýýarlyk görmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy hödürlenildi

24-nji noýabrda Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri üçin brifing geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan 2027–2028-nji ýyllarda Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.

Kararnama 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edildi. Ony iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrda tassyklan «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek üçin Daşary işler ministrligi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alyp, degişli resminamany taýýarlady. Meýilnama 22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Resminama alty sany esasy ugry öz içine alýar we milli hem-de halkara derejedäki çäreleriň toplumyny, şol sanda BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi bilen bilelikde Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek boýunça «Ýol kartasyny» işläp düzmegi göz öňünde tutýar. 2028-nji ýylyň esasy çäreleriniň hatarynda Halkara hukuk ýylynyň Aşgabatda we Nýu-Ýorkda resmi taýdan açylyşy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 83-nji sessiýasynyň çäklerinde ýörite çäre we Halkara hukuk boýunça ählumumy forum görkezildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, halkara hukugyň ornuny pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini, BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerini berjaý etmek bolsa umumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň esasy şertidir. Türkmenistan Halkara hukuk ýylynyň geçirilmegine halkara gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga we BMG-niň Tertipnamasynyň abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen uzak möhletleýin ählumumy dialogyň wajyp tapgyry hökmünde garaýar.

Raşid Meredow şeýle hem Baş Assambleýa tarapyndan 16-njy noýabrda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň ähmiýeti barada maglumat berdi. Brifingde bellenilişi ýaly, onuň ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk edýän hem-de Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygy bellenilýän ýylynda kabul edilmegi iki gurama arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Awazada geçirilen halkara parlament forumyndaky çykyşynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli düzgünlerine aýratyn üns çekildi. Kararnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen GDA-nyň Baş sekretarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmek arkaly amala aşyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Brifingiň ahyrynda hödürlenen başlangyçlary durmuşa geçirmek we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri barada pikir alşyldy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem