BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen taýýarlanan GDA bilen hyzmatdaşlyk baradaky rezolýusiýany kabul etdi

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji mejlisiniň 41-nji ýygnagynda gün tertibiniň 128 (w) bendiniň çäklerinde «Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly rezolýusiýa kabul edildi. Resminama Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde eden başlangyjy bilen taýýarlandy.

Rezolýusiýa BMG bilen GDA-nyň arasyndaky özara hereketleri ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarda, şol sanda söwda, bilim, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ugurlarynda has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Resminamada sebitleýin howpsuzlyk, terrorçylyga, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek babatda özara hereketleri giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Rezolýusiýada BMG-niň we GDA-nyň Sekretariatlarynyň, şeýle hem BMG ulgamynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky özara hereketler höweslendirilýär. BMG-niň Baş sekretaryna hyzmatdaşlygyň barşy barada hasabaty Baş Assambleýanyň 83-nji maslahatynda hödürlemek teklip edilýär.

Rezolýusiýanyň preambulasyna GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen mejlisi barada düzgün girizildi.

Şeýle hem