Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 7-nji oktýabrda Türkmenistana geldiler. Merkezi Aziýanyň dostlukly döwletleriniň Baştutanlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklara we halkara çärelere gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary howa menzilinde resmi wekiliýetleriň, jemgyýetçilik we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda ýokary derejede garşylandy. Bu sapar sebitde syýasy dialogy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Saparyň maksatnamasyna Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Hazar ekologiýa sammiti, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi girýär.
Şeýle hem ýokary derejeli myhmanlaryň Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Bu gepleşikleriň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.