Türkmenistan Jakartada geçirilýän ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýady» okuw seminaryna gatnaşýar

13-nji oktýabrda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýady» maksatnamasynyň «Dokumental köpdürliligi giňeltmegiň mümkinçiligi» atly halkara okuw seminary açyldy. Oňa Türkmenistanyň adyndan ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Maksat Meredow gatnaşýarlar.

Seminaryň esasy maksady — halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de gymmatly resminamalaýyn mirasy netijeli gorap saklamak we ony ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýady» maksatnamasynyň halkara sanawyna hödürlemek üçin Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň işgärler we tehniki mümkinçiliklerini artdyrmak.

Çäräni Indoneziýa Respublikasynyň Milli arhiwi (ANRI) Koreýanyň we Indoneziýanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlary, şeýle hem Koreýanyň Miras gullugy bilen bilelikde gurady. Açylyş dabarasyna Indoneziýanyň medeniýet ministriniň orunbasary Giring Ganeşa we ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýady» maksatnamasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça komitetiniň başlygy Kwibe Kim gatnaşdy.

Bu çäräniň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýady» maksatnamasynyň taryhynda iň giň gerimli çäre boljakdygy bellenilýär. Oňa Bangladeşiň, Bruneýiň, Kambojanyň, Fijiniň, Indoneziýanyň, Laosyň, Mýanmanyň, Palaunyň, Filippinleriň, Şri-Lankanyň, Gündogar Timoryň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Tuwalunyň wekilleri gatnaşar.

Seminaryň gün tertibine amaly wezipeler, şol sanda elementleri hödürlemegiň, ýygyndylaryň fiziki ýagdaýyna baha bermegiň, töwekgelçilikleri dolandyrmagyň we materiallary uzak möhletleýin sanly saklamaga taýýarlamagyň usullaryny öwretmek, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.

Seminar 18-nji oktýabra çenli dowam eder.



Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem