Türkmenistan we Türkiýe energiýa we awiasiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga degişli resminamalara gol çekdi

Antalýada iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.


Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, iki halkyň arasynda asyrlaryň dowamynda ýola goýlan taryhy-medeni gatnaşyklaryň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda hususy bölek ugry boýunça köpýyllyk netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, onuň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp wagtyň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigi hem-de şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

Erman Ylyjak “Rönesans Holdingiň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini we munuň üçin bar bolan mümkinçiliklerini hem-de tejribesini ulanmaga taýýardygyny nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň özüne bildirilen ynama tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýratyn belledi. Işewür türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerine üns berýändigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy diýip, TDH habar berýär.


Şeýle hem 1-nji martda Antalýada iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.


Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasyna şu gezekki saparynyň we 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň döwletara dialogynyň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny belledi. Şunda “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygy nygtaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türk kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi. “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan gurlan we iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik we energetika desgalary Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedir. Hazar deňziniň kenar ýakasynda guruljak, kuwwaty 1574 megawatt bolan utgaşykly görnüşdäki elektrostansiýa bolsa, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksportyny artdyrmaga, şeýle hem doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berer.

Işewür bildirilýän ynam üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagynyň türk holdingi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk  türk hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalary ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de özlerine ynanylan desgalardaky ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.


Şeýle hem 1-nji martda Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalar:


Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; 

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.


Şeýle hem