Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we hlorly natrini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekillerine nah ýüplük we nah mata, pagta süýümi, distillirlenmedik çig ýagly kislotalar, nah galyndylar ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 3,3 million dollardan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy 818 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy satyn aldylar.