Eýranyň demirgazyk sebiti Türkmenistana eksportyny artdyrýar

Eýran Yslam Respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Mazenderan sebiti geçen ýyl Türkmenistana umumy bahasy 15 million dollara barabar nebit senagatyna degişli bolmadyk önümleri iberdi. Şeýlelikde, Mazenderan soňky wagtda türkmen tarapy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirýän sebitleriň biri boldy. Bu barada “Tehran Times” neşiri habar berýär.

Degişli döwürde Eýranyň demirgazyk sebiti Türkmenistana eksportyny 13 göterim ýokarlandyrdy. Eýranyň Mazenderan sebitinden iň köp import edijiler Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Russiýa we Yrak döwletleridir. Geçen ýyl bu sebit dünýäniň 50-ä golaý ýurduna umumy bahasy 1,3 milliard dollar bolan önümleri eksport etdi.

Eýranyň bu sebitiniň daşarky bazarlara iberýän önümleriniň aglaba bölegini süýt önümleri, sement, plastmassa we azyk önümleri düzýär.

Çeşme: https://tca.gov.tm/tk/news-detail/1009

Şeýle hem