Buharestde Halk Maslahatynyň mejlisine we Halkara hukugyň ýylyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak nobatdaky mejlisine we 2028-nji ýylyň Halkara hukugyň ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Çäre Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary we ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini belledi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly "Halkara hukugyň ýyly" diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Degişli Kararnamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda 78 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilmeginiň Türkmenistanyň halkara hukugyny, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga goşýan goşandynyň aýdyň beýanydygy bellenildi.

Çäräniň çäklerinde 2026-njy ýylyň nyşany bolan ahal-teke bedewine bagyşlanan tanyşdyryş çäresi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi geçirildi.

 

Şeýle hem