Türkmen wekiliýeti Parižde medeni dürlüligi maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň, Fransiýadaky ilçihananyň wekilleri Medeni öz-özüňi beýan etmegiň görnüşleriniň dürlüligini goramak we giňeltmek boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji sessiýasyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Medeni öz-özüňi beýan etmegi giňeltmek we bu babatda ÝUNESKO-nyň degişli konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 2025-nji ýylda ýubileý senesini bellemek meselelerine garaldy. Şeýle hem degişli komitetiniň 2024-2025-nji ýyldaky iş meýilnamasy tassyklandy.

1-nji marta çenli dowam edýän Medeni öz-özüňi beýan etmegiň görnüşleriniň dürlüligini goramak we giňeltmek boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji sessiýasynyň çäklerinde raýat jemgyýetiniň işjeň gatnaşygyna esaslanýan degişli Konwensiýany netijeli durmuşa geçirmek bilen bagly raýat jemgyýet guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garalar.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Medeni öz-özüňi beýan etmegiň görnüşleriniň dürlüligini goramak we giňeltmek baradaky konwensiýasyny 3 ýyl mundan ozal tassyklady.

Çeşme: https://tca.gov.tm/tk/news-detail/1005

Şeýle hem