Tähran şäherinde Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

27-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi.

Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary A.Gurbanow, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň orunbasary Alireza Bikdeli ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşugyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen hökümetara toparyň 15-nji mejlisinde gelnen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli ýetilen ylalaşyklaryň pugta ýerine ýetirilmeginiň zerur bolup durýandygyny nygtadylar.

Bu mejlis dostlukly ýagdaýda geçip, onuň netijeleri boýunça Jemleýji teswirnama gol çekildi.

Şeýle hem