Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy iş meýilnamasyny 128,4 göterim berjaý etdi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow 1-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi. Bu meýilnama Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 105,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 122,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 106 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,6 göterim berjaý edildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 154 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 122,9 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy üns merkezinde saklamagyň, täze ýollary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem