Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa bolan iki günlük döwlet sapary tamamlandy. Hökümet wekiliýetiniň Tbilisidäki saparynyň maksatnamasy giň göwrümli we netijeli bolup, döwletara dialogy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýat goýdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Saparyň jemleýji güni köpşahaly hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Resmi çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanymyz Tbilisiniň Gahrymanlar meýdançasyndaky ýadygärlige gül desselerini goýup, Gruziýanyň milli gahrymanlarynyň hatyralady. Bu bolsa iki halkyň arasyndaky özara hormat goýmagyň we sarsmaz dostluk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Meýilleşdirilen çäreleriň ählisi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Şota Rustaweli adyndaky Tbilisi halkara howa menziline tarap ugrady. Howa menziline gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doganlyk ýurduň resmi adamlary uly hormat-sarpa bilen ugratdylar. Biraz wagtdan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýle hem