Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy Denizli şäherinde ýerleşýän Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat gurady. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, hemişelik bitaraplyk statusyna esaslanýan halkara başlangyçlary we bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýet ugurlarynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, çäreleriň çäginde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulýew birnäçe duşuşyklar geçiridi. Gepleşikleriň dowamynda bilim, medeni, gumanitar, söwda we ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.