Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-Awstriýa toparynyň 13-nji mejlisine badalga berildi

Aşgabatda Awstriýa Respublikasynyň Federal Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdiriýetiniň ýolbaşçysy Elizabet Waýssenbök ýolbaşçylygyndaky Awstriýanyň wekiýetiniň sapary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara maglumat merkezi habar berdi.

Saparyň esasy maksady —bilelikdäki Türkmen-Awstriýa toparynyň 13-nji mejlisine gatnaşmakdyr. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gepleşikleri geçirmek üçin meýdança boldy. Bu ýerde tegelek stol guraldy, onuň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi uly bolan ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Mejlisiň umumy böleginden soň, energetika, ulag, logistika we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalara seredilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Günüň ikinji ýarymy dolulygyna işewürler toparlarynyň arasyndaky göni aragatnaşyklara berildi. Işewürlik-forumyň çäklerinde B2B görnüşindäki gepleşikler geçirildi. Iki ýurduň telekeçileri özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek we senagat önümlerini ibermek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Şeýle hem