Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary Ylymlar güni we maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz öz ýüzlenmesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan her bir üstünliginiň we belent sepgitleriniň düýbünde ylmyň hem-de innowasiýalaryň durandygyny aýratyn belledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Prezidentimiziň nygtamagyna görä, häzirki wagtda ýurtda ylym ulgamyny dünýä standartlaryna laýyk ösdürmäge, täze innowasion senagat pudaklaryny döretmäge hem-de sebit we milli taslamalary amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda we ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy-barlaglaryň netijeleri önümçilige işjeň ornaşdyrylýar hem-de adam maýasyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem ýüzlenmede Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, halkara guramalary hem-de assosiasiýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz geçirilýän utgaşykly görnüşdäki halkara maslahata dünýäniň abraýly alymlarynyň gatnaşmagynyň ýurdumyzyň ylmy-tehniki syýasatyna bolan halkara gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy we maslahata gatnaşyjylara ylmy-döredijilik işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.