Türkmenistan we Awstriýa «Global Gateway» başlangyjyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi maslahatlaşdylar

11-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Tomas Şuller-Gotsburgyň we Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň direktory Elizabet Waýsenbýökiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň möhüm orny bellenildi.

Şeýle hem, bilim we ylym ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem