Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 11-nji iýunda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini[ metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.

Şeýle hem