Nýu-Ýork şäherinde 2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, HKP MK-nyň Daşary işler boýunça komissiýasynyň kanselýariýasynyň ýolbaşçysy, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga, aýratyn-da gaz pudagyna aýratyn üns berildi. Şol sanda bilelikdäki taslamalary mundan beýläk ilerletmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem söwda-ykdysady, innowasion-tehnologik hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi gözden geçirildi.
Türkmenistanyň we Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygynyň ýokary netijeliligi aýratyn nygtaldy. Taraplar halkara meýdançalarda özara utgaşyklygy mundan beýläk-de berkitmäge, şeýle hem iki ýurduň başlangyçlaryny we tekliplerini özara goldamaga taýýardyklaryny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda gazanylan ylalaşyklary amaly taýdan durmuşa geçirmek we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek tassyklanyldy.