BMG Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki ornuny ýokary bahalandyrdy

Nýu-Ýorkda 2026-njy ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy Annalena Berbok bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilişi barada maglumat berdi. Bu ugurlar halkara syýasaty we howpsuzlyk, durnukly ösüş, howa gün tertibi hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerini öz içine alýar.

Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasy, halkara hukugy ilerletmek, halkara gatnaşyklarda dialog we ynanyşmak medeniýetini ösdürmek, şeýle hem Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işi bilen bagly başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Taraplar 2026 – 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny durmuşa geçirmek, howa we ekologiýa gün tertibi, şol sanda Türkmenistanyň sebit howa merkezlerini döretmek hem-de Hazar ekologiýa başlangyjyny ilerletmek baradaky başlangyçlary boýunça meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar zenanlaryň we ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» hem-de «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertiplerini ilerletmek, şeýle hem bu ugurlarda sebit dialogyny we hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Annalena Berbok Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki, BMG-niň we Baş Assambleýanyň ornuny goldamakdaky, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekdäki hem-de halkara ulag gün tertibini ilerletmekdäki ornuny ýokary bahalandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.

Şeýle hem