Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirerler

28-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň administratory Aleksandr de Kronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini, şol sanda 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan boýunça täze ýurt maksatnamasynyň çäklerindäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar saglygy goraýyş, adam kapitalyny ösdürmek we hukuk binýadyny pugtalandyrmak ugurlarynda täze bilelikdäki taslamalaryň ýokary derejede taýýardygyny bellediler.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Hususan-da, saglygy goraýyş ulgamynyň durnuklylygyny berkitmek, pudagy döwrebaplaşdyrmak, derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny satyn almak, şeýle hem ilatyň saglygyny goramak boýunça milli maksatnamalary goldamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda durmuş taýdan goşulyşmak, ilatyň kömege mätäç toparlaryny goldamak, gender deňligini ilerletmek hem-de ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde garaldy.

Taraplar howa, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly ugur hökmünde Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny ilerletmek bellenildi.

Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugyň ýyly hökmünde yglan etmek baradaky başlangyjynyň çäklerinde taraplar hukugyň hökmürowanlygy, netijeli döwlet dolandyryşy we institusional ösüş meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini bellediler.

Şeýle hem