Ýapon kompaniýasy Gyýanlydaky polimer zawodyny döwrebaplaşdyrýar

«Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň direktory Tetsuji Miýazaki Ýaponiýanyň «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň Türkmenistandaky Gyýanly polimer zawodyny giň gerimli döwrebaplaşdyrmak işlerine başlandygy barada aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taslama iki tapgyrda amala aşyrylýar. Birinji tapgyrda kompaniýa inženerçilik işlerini ýerine ýetirer, gözegçilik işlerini geçirer, könelen enjamlary doly çalyşmak üçin enjamlary satyn alar we söküş işlerini amala aşyrar. Ikinji tapgyr tehnologik meseleleriň çözülmegini we döwrebaplaşdyrylan önümçiligiň işe girizilmegini göz öňünde tutýar.

Kompaniýanyň wekili Türkmenistanyň «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Kompaniýa tehniki-ykdysady esaslandyrmadan başlap, ulanyş we tehniki hyzmatlara çenli taslamalaryň doly goldawyny hödürleýär.

Şeýle hem