«Galkynyş» topary Stambulda geçirilen etnosport medeniýeti festiwalynda ýokary derejeli baýraga mynasyp boldy

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar öz halklarynyň däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda “Galkynyş” toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Toparyň ýerine ýetiren çylşyrymly tilsimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Toparyň agzalarynyň dünýäde meşhurlyk gazanan ahalteke bedewleri bilen sazlaşykly hereketleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Olar ahalteke bedewlerine we halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan toparyň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa edip, şowhunly el çarpyşmalar bilen ýokary baha berdiler.

Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Onda festiwala gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglanyldy.

Öz ýeňişleri bilen ahalteke bedewleriniň abraýyny belende göterýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna festiwalyň ýapylyş dabarasynda hem möhüm orun berildi. Toparyň festiwalyň ýokary derejeli baýragyna mynasyp bolmagy onuň at üstündäki oýunlar boýunça ýokary ussatlyga ýetendiginiň we toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň halkara derejede ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Şeýle hem