Türkmenistan we “Çalyk Holding” kompaniýasy bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi dowam ederler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynda ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Türkiýeli işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işlejek sebitde iri döwrebap elektrik stansiýasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän täze toplumyň gurluşygy batly depginde dowam edýär.

Türkmenistanda köp ýyllardan bäri işleýän türk kompaniýalary, esasan-da, Ahmet Çalygyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar topary ýurdumyzyň senagat we durmuş maksatly möhüm binalarynyň hem-de döwrebap saglyk merkezleriniň gurluşygyna gatnaşýar.

Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini hem ýerine ýetirýändigini aýdyp, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi.

Pursatdan peýdalanyp, Ahmet Çalyk “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraga mynasyp bolmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy gutlady. Şeýle-de ol Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk ulgamyna degişli çärelere gatnaşmaga isleg bildirýändigini belledi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli taslamalara hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan, innowasion hem-de ýokary netijeli çözgütleriň girizilmegini goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de iň täze innowasion tehnologiýalary, kämil enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli täze taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri dowam etdirjekdigine berk ynam bildirildi.

Şeýle hem