Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä hem-de Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

«Biz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Gruziýanyň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Şeýle hem