Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji maýda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda sebitleri ösdürmek hem-de oba hojalygynda amala aşyrylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Maslahatda, ilki bilen, ýurdumyzyň sebitleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri öz sebitlerinde alnyp barylýan ekerançylyk işleri, azyklyk ekinlere edilýän ideg hem-de ýetip gelen galla oragy möwsümine görülýän taýýarlyk barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem hasabatlarda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramak we mukaddes Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin dabaralara görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn orun berildi.
Häkimleriň çykyşlarynyň dowamynda gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýändigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň bökdençsiz ýygnalyp alynmagy, Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň guramaçylykly dowam etdirilmegi we sebitlerde pile tabşyrmak meýilnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda zerur çäreleriň görülýändigi mälim edildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk toplumynyň öňünde duran wezipeleriň gaty jogapkärlidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi, bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli mümkinçilikleri döretmegi we gowaça ideginde agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýat ýolbaşçylaryna Gurban baýramy mynasybetli çäreleriň we dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeler berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň we gallaçy daýhanlarynyň adyndan galla oragyna başlamaga ak pata berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aytdy. Wise-premýer ýurt boýunça oba hojalygynda, gowaça we azyklyk ekin meýdanlarynda, şeýle hem pile ýygnamak ugrunda alnyp barylýan utgaşykly işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň we agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilmeginiň azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda esasy şert bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.