Döwlet Baştutany uçurymlara täze menzillerde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistanyň mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy we «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli ýurduň ähli uçurymlaryna, mugallymlaryna hem-de bilim ulgamynyň işgärlerine döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gutlag ýüzlenmesi iberildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Prezident öz ýüzlenmesinde şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna gabat gelýän bu şanly günüň ýaşlarda uly watansöýüjilik joşgunyny we ýatdan çykmajak pursatlary galdyrjakdygyny belledi. Bilimiň ýurduň beýik ösüşleriniň sarsmaz binýadydygyny nygtan döwlet Baştutany täze nesliň kemala gelmeginde «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orun tutýandygyny mälim etdi.

Aşgabat we Arkadag şäherleri bilen bir hatarda, ýurduň ähli künjeklerinde guralýan dabaralar türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy hem-de mugallymlaryň döredijilikli işlemegi üçin döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri bütin dünýä aýan edýär.

Prezident uçurymlara ýüzlenip, olary ylma hem-de bilime daýanan pederleriň milli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmäge, hemişe kämillige ymtylmaga we Watanymyzyň pajarlap ösmegine öz goşantlaryny goşmaga çagyrdy. Ýaş ýigitleriň we gyzlaryň täze durmuş ýolunda «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelere eýerip, geljege ynamly gadam urmalydyklary aýratyn bellenildi.

Milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek we dünýä ülňülerine laýyk getirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde mugallymlaryň hyzmatynyň örän uludygy Gutlagda aýratyn nygtalýar. Häzirki wagtda ýurduň şäherdir obalarynda iň döwrebap tehnologiýalar we interaktiw ulgamlar bilen üpjün edilen bilim edaralary gurlup ulanmaga berilýär. Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan bu özgertmeler milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, netijede bolsa ýokary jogapkärçilikli, watansöýüji hem-de giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň terbiýelenip ýetişdirilmegine şert döredýär.

Geçip barýan 2025-2026-njy okuw ýylynda türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara olimpiadalarda hem-de ylmy bäsleşiklerde gazanan baýrakly orunlary amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň ajaýyp miwesi we ýurduň umumy buýsanjy hökmünde häsiýetlendirildi.

Gutlagynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow mähriban uçurymlary, mugallymlary we ähli bilim işgärlerini okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrundaky işlerinde, okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem