Türkmenistan BSG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklip taýýarlady

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümetiň 22-nji maýda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Häzirki wagtda BSG bilen alnyp barylýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin birnäçe teklip taýýarlanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň gutarnykly görnüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin degişli iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 10-njy iýunynda geçirmek teklip edilýär. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly bu guramanyň çäklerinde döredilen Türkmenistan boýunça iş toparyna başlyklyk etmek üçin doly ygtyýarly agza ýurtlaryň arasyndan birini kesgitlemek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda BSG bilen bilelikde Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerinden bolan ýurtlaryň arasyndan saýlamak we kesgitlemek boýunça degişli işleri geçirmäge başlamak baradaky teklip beýan edildi.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly gepleşikleri alyp barjak Milli gepleşik toparyny döretmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli gepleşik toparynyň düzümini kesgitlemek we tassyklamak, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen bilelikde bu toparyň wekillerini degişli taýýarlyk okuwlaryna we gurama tarapyndan geçirilýän mejlisleriň işine synçy hökmünde gatnaşdyrmak boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, ony giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem