Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmek wezipesine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýär. Ýurdumyzyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu Konsepsiýa köp sanly möhüm çäreleri özünde jemläp, bu ugurdaky meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ählisi bellenen möhletlerde, yzygiderli we talabalaýyk amala aşyrylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazaryň kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi we bu sammitiň ýylyň esasy wakasy boljakdygyny belledi. Bu ýokary derejeli forumyň çäklerinde Arkalaşygyň giňişliginde özara ynanyşykly hyzmatdaşlygyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilen anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärler toparyna we Baş sekretar Sergeý Lebedewe bilelikdäki netijeli hyzmatdaşlygy guramakda görkezýän ýokary hünär ussatlygy hem-de jogapkärçilikli çemeleşmeleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem