Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow 21-nji maýda iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Azerbaýjanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň baş maksady GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine gatnaşmakdan ybaratdyr.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Türkmenistan 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän döwlet hökmünde bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde we netijeli geçirilmegi üçin ähli şertleri döretdi.
Türkmen tarapynyň bellemegine görä, bu gezekki mejlise aýratyn ähmiýet berilýär. Aşgabat duşuşygy Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze sepgitlere ýetirmek we özara gatnaşyklary has-da berkitmek üçin möhüm platforma bolar.