Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 21-nji maýda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow hem-de Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupin ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara söwdanyň häzirki derejesine hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda hususy pudagyň ugry boýunça giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Aşgabada saparyň çäklerinde Pawel Utýupin Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda şu ýylyň dowamynda anyk çäreleri geçirmek meselelerine seredip geçdiler.