Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy

Tbilisiniň teleýaýlym diňi 2026-njy ýylyň 17-18-nji maýynda Türkmenistanda bellenip geçilýän milli baýram — Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Tbilisi şäherini keşplendirýän nyşanlarynyň birinde baýramçylyk çyralary bilen yşyklandyrylmagy milli baýramçylyklaryň ähmiýetini, şeýle hem taryhy däp-dessurlara we döwlet gymmatlyklaryna bolan sarpany aňladýar.

Bu simwoliki çäre iki halkyň arasyndaky özara dostlugy, hyzmatdaşlygy we medeni arabaglanyşygy aýdyň görkezdi, şeýle hem türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň şaýady boldy.

Şeýle hem