Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu waka bagtyýar öý eýeleri üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi.

Dabara Arkadag şäheriniň we onuň edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary, myhmanlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bezelen ýaşaýyş jaýynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara ýurdumyzda baýramçylyk çäreleriniň medeni maksatnamasynyň köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň birleşen tans toparlarynyň, şeýle hem medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary täze jaýlara göçüp gelýän maşgalalaryň şatlyk-şowhunyny belende göterdi. Olara täze jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

"Öýlerde döredilen şertler bilen tanşan dabara gatnaşyjylar häzirki zaman jaýlarynyň otaglarynyň ýerleşdirilişine we enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler" diýlip, habarda aýdylýar.

 

Şeýle hem