Türkmenistan we Uganda hyzmatdaşlygyň gözýetimini giňeldýärler

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 10-15-nji maýy aralygynda Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen Kampala şäherinde saparda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Dabara tamamlanandan soňra, türkmen wekiliýeti Entebbe Prezidentler köşgünde Uganda Respublikasynyň Prezidenti Ýoweri Kaguta Museweni tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň çäklerinde Uganda Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýollan çakylygy üçin minnetdarlygy we Ugandanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlary beýan edýän haty gowşuryldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasynda köpugurly dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, Ata Serdarowyň bu ýurduň dolandyryjy partiýasynyň Baş sekretary Riçard Todwoň bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Uganda Respublikasynyň arasynda partiýalarara we mejlislerara gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de tejribe alyşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Şeýle-de saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary derejesinde duşuşyk geçirip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeler barada pikir alyşdylar hem-de işewürler forumlaryny we medeni çäreleri geçirmek mümkinçiliklerine garadylar.

Şeýle hem