Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy we onda çykyş etdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
“Türkmenistan bu duşuşygy durnukly ösüşi üpjün etmegiň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň we parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer ulgamdaky köptaraplaýyn dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilik hasaplaýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
“2026-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň ICESCO-da ýurdumyza synçy derejesini bermek baradaky resmi hatynyň iberilmegi biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň tarapymyzdan bu möhüm halkara düzümiň işine goşulmaga Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli tapgyr hökmünde garalýar. Munuň ýurdumyzyň maksatnamalara yzygiderli we köpugurly görnüşde gatnaşmagy, iň gowy tejribeleri alyşmagy, gurama agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy üçin täze goşmaça meýdançany döretjekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mundan beýläk-de bilelikdäki iş üçin döredijilikli itergi we ugur berip biljek birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz taryhy miras barada aýdyp, Türkmenistanyň yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýändigine ünsi çekdi. Şunda diňe bir öwrenmäge we ylmy barlaglara däl-de, eýsem, edebi-publisistik eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň ilerletmäge ünsi jemlemek maksadalaýyk hasaplanýar.
Bilim we magaryf işi barada aýdylanda, Türkmenistan «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürýär. “Biziň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň jemgyýetçiligini gadymy döwürlerden häzirki wagta çenli yslam şygryýetiniň hem-de filosofik mirasynyň iň gowy eserleri bilen giňden tanyşdyrmak taslamanyň maksady bolar. Liriki we şahyrana pikiriň beýany bolmagy yslam filosofiýasynyň taryhy aýratynlygydyr. Şonuň üçin ilkinji ädim hökmünde musulman dünýäsiniň görnükli şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, filosoflarynyň, şeýle hem özüni yslama, yslam medeni koduna, dünýägaraýşyna degişli hasaplaýan awtorlaryň eserlerini öz içine aljak «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek barada oýlanmagy teklip edýäris” diýip, Milli Liderimiz belledi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjyny öňe sürýändigini aýdyp, şunda gurama agza döwletlerde, şeýle hem Türkmenistanda «akylly» şäherleri döretmegiň döwlet syýasatynyň ugry hökmünde işjeň ösdürilýändiginden ugur alynýandygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parahatçylyk we döredijilik, medeni köpdürlülik, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň döwletleri hem-de halklary birleşdirmäge ukyply ählumumy gymmatlyklardygyny nygtady.
“Türkmenistan mundan beýläk-de siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmäge, özara ynamy, düşünişmegi pugtalandyrmaga öz goşandyny goşmaga, döwletara gatnaşyklarda ynsanperwer taglymlary we gymmatlyklary ilerletmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyr” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi we ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň netijeleriniň bu maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, olary doly goldadylar.