Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow sport toplumynyň çäginde Tatarystanyň oba hojalyk önümlerine bagyşlanan sergini synladylar.

Sergide ýerli önümçilige degişli azyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Hünärmenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu önümleriň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bu ýerde atlara bagyşlanan sungat eserlerini synladylar. Bölümde Milli Liderimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň rus dilindäki nusgasyna aýratyn orun berlipdir.

Milli Liderimiz hem-de Rustam Minnihanow soňra at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Oňa türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşdylar.

Kazan halkara atçylyk sport toplumynda geçirilen ilkinji at çapyşygynda ýurdumyzyň ussat çapyksuwary B.Agamyradow ynamly ýeňiş gazandy. Bu günki geçirilen at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlary tatar atlarynda ýaryşa gatnaşdylar. Örän çekeleşikli we gyzgalaňly geçen at çapyşygynda ezber türgenlerimiz ussatlyklaryny, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, mertligini görkezip, baýrakly orunlary eýelediler. At çapyşygyndaky baýraklar ahalteke atlarynyň hormatyna goýuldy. Olary almak bolsa türkmen türgenlerine nesip etdi.

1 müň 800 metr aralyga geçirilen ýene bir çapyşykda ýurdumyzyň çapyksuwarlary ezberliklerini görkezdiler. Bu çapyşykda B.Berdimuhammedow pellehana birinji bolup gelmegi başardy.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyz ýeňiji bolan ussat türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlady.

Şeýle hem