Türkmenistan Minskde geçirilýän GDA-nyň ikinji halkara-hukuk forumyna gatnaşdy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) Minskdäki ştab-kwartirasynda 13-nji maýda «GDA-da halkara-hukuk dialogy: hyzmatdaşlyk däpleri we döwrüň wehimlerine jogap» atly ikinji halkara-hukuk forumy açyldy. Foruma Arkalaşyga agza ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan hem 70-e golaý wekil gatnaşýar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasynda habar berildi.

GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenko açylyş dabarasynda söz sözläp, Arkalaşygyň 7 müňden gowrak resminamany öz içine alýan şertnama-hukuk binýadynyň özboluşly häsiýetini nygtady. Ol GDA-nyň halkara hukugyň ýörelgesine yzygiderli eýerýändigini we umumy kabul edilen kadalaryň birtaraplaýyn çäreler hem-de çäklendirmeler arkaly çalşyrylmagyna synanyşyklara garşy durýandygyny belledi.

Forumyň maksatnamasy umumy mejlisi we ugurdaş bölümçeleriň işini öz içine alýar. Gatnaşyjylar häzirki zaman halkara-hukuk syýasatynyň aýratynlyklaryny, sebit integrasiýasynyň hukuk jähetlerini we jedelleri çözmegiň gurallaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.

Kärdeşlik gepleşigi halkara hukuk ulgamyny goramak we döwletara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin integrasion birleşmeleriň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem