Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň wekilleri bu ýurduň paýtagtynda Jorj Waşington uniwersitetiniň muzeýinde we Dokma muzeýinde guralan «Bedewleriň bezegi: kuwwatyň we abraýyň nyşany bolan bedewler üçin dokma bezeg önümleri» atly sergä hem-de «Atlan» atly dokumental filmiň görkezilişine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Sergide dürli halklaryň däp-dessurlarynda atyň taryhy we medeni ähmiýetini açyp görkezýän atçylyk dokma önümleriniň nusgalary ýerleşdirildi. Türkmen eksponatlary sergide aýratyn orun eýeläp, türkmen halkynyň baý çeperçilik däplerini we atçylyk medeniýeti bilen çuňňur baglanyşygyny aýdyň görkezdi.
Saparyň jemleri boýunça ilçihananyň wekilleri çäräni guraýjylar bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda taraplar atçylyk mirasyny gorap saklamagyň we wagyz etmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Jorj Waşington uniwersitetiniň muzeýi we Dokma muzeýi sergä bagyşlanan ýörite katalogy hem neşir etdi. Onda dürli halklaryň atçylyk dokma däpleri, şol sanda türkmen nusgalary hem öz beýanyny tapýar.